Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zarif, Kerri: gepleşikler ilerleýär


Eýran we amerikan diplomatlary Tähran bilen dünýä döwletleriniň arasynda barýan ýadro gepleşikleriniň ilerleýändigini aýdýarlar.

«Biz öňegidişlik etdik we ýene kän progres gazanarys» diýip, Eýranyň daşary işler ministri Muhammad Jawed Zarif 1-nji iýulda Wenada, ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri bilen duşuşandan soň žurnalistlere aýtdy.

«Biz progres gazanmak üçin islendik mümkinçiligi ulanarys» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Kerri biraz soň žurnalistlere «Biziň käbir juda kyn meselelerimiz bar, emma biz progres gazanýandygymyza ynanýarys, şu sebäpden biz bu işi dowam ederis» diýdi.

XS
SM
MD
LG