Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin: sanksiýalar bizi bölmedi


Prezident Wladimir Putin Günbataryň rus jemgyýetçiligini ykdysady sanksiýalar bilen iki bölmek barada eden tagallalary garaşylýan netijäni bermedi diýýär.

Putin 3-nji iýulda Orsýetiň Howpsuzlyk geňeşine ýüzlenip, Günbatar Orsýeti özüniň garaşsyz ugry üçin jezalandyrmak isleýär diýdi.

"Biz garaşsyz içerki syýasat ýöredýäris, biz öz özygtyýarlylygymyzy satmaýarys» diýip, Putin aýtdy.

«Bu hemmelere ýaramaýar, ýöne ol başgaça bolup bilmez. Biz käbir geosyýasy garşydaşlarymyzyň ýakyn geljekde öz dostluksyz ugruny üýtgetjegine garaşmaly däl» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Şeýle-de Putin Orsýetiň milli howpsuzlyk strategiýasyny täzelemegi buýurdy.

XS
SM
MD
LG