Halkara Atom energiýasy gullugynyň başlygy Ýukiýa Amano, eger Tähran hyzmatdaşlyk etse, hamala, Eýranyň gizlinlikde ýadro ýaragyny edinjek bolandygy baradaky derňewini dekabrda tamamlap biljegini aýtdy.
Amano 4-nji iýulda Wenada eden çykyşynda «Men Eýranyň ýadro programmasynyň mümkin bolan harby ugurlary meselesinde ýyl aýagyna bir hasabat çap edip bolarmyka diýýärin» diýdi.