Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Grek maliýe ministri wezipesinden çekildi


Gresiýanyň premýer-ministri Aleksis Tsipras.
Gresiýanyň premýer-ministri Aleksis Tsipras.

Gresiýanyň hökümeti Ýewropa liderleriniň teklip eden täze tygşytlylyk çärelerini kabul etmelimi ýa däl diýen meseläni sese goýýan referendumda “Ýok” sesi boýunça dabaraly üstünligi gazanandan soň, maliýe ministri Ýanis Waroufakis öz wezipesinden çekildi.

Waroufakis 6-njy iýulda ýaýradan beýanatynda premýer-ministr Aleksis Tsipras özüniň wezipeden çekilmeginiň “ylalaşygy baglaşmaga ýardam berip biljekdigini” aýdany sebäpli maliýe ministri wezipesinden çekilýändigini aýtdy.

Şeýle-de, Waroufakis: “Ýewropa Bileleşigine agza kiçi ýurduň karz-gulçulygyna garşy durmagy netijesinde 5-nji iýulda geçirilen referendum deňsiz-taýsyz pursat bolup taryhda saklanyp galar” diýdi.

5-nji iýulda Gresiýada sesleriň 85%-niň sanalmagy netijesinde ilatyň 60%-den gowragy gürrüňi edilýän teklibe “Ýok” diýip ses berdi.

Sesleriň aglaba bölegi sanalandan soň, grek hökümetiniň müňlerçe tarapdary ses berişligiň netijelerini bellemek üçin Afinynyň merkezindäki Sintagma skwerinde ýygnandy.

XS
SM
MD
LG