Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Fendiniň” moda sergisinde protest geçirildi


“Fendiniň” moda sergisinde protest geçirildi
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:26 0:00

8-nji iýulda Parižde gymmatbaha geýim-gejimleri öndürýän “Fendi” atly italiýan kärhanasy aglabasy deri önümlerinden ybarat täze kolleksiýasyny köpçülige görkezen mahaly, haýwanlaryň hukuklaryny gorap çykyş edýän aktiwistleriň bir topary dabaranyň bolýan binasynyň daşynda protest geçirdi. “Fendiniň” dörediji müdiri Karl Lagerfeld tarapyndan 2015-nji ýylyň güýz, 2016-njy ýylyň gyş pasly üçin taýýarlanan deri önümleriň arasynda penjek, papak we şarf ýaly geýim-gejimler bar. “Theatre des Champs Elysees” binasynda moda görkezilişi geçirilýän mahaly, bu binanyň daşynda 20 çemesi demonstrantdan ybarat topar şygarlary gygyryp protest geçirdi. Parižde geçirilýän moda hepdeligi 9-njy iýulda tamamlanýar.

XS
SM
MD
LG