Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Awstriýa: Alyýewiň ýaranlary aklandy


Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň öňki giýewsi, merhum Rahat Alyýewiň adam öldürmekde aýyplanan iki ýoldaşy aklanyldy.

Gazagystanyň ozalky aňtaw başlygy Alnur Musaýew we prezidentiň öňki janpenasy Wadim Koşliak 11-nji iýulda Wena sudy tarapyndan azat edildi.

Prokurorlar Alyýew, Koşliak we Musaýew adam alyp gaçmak, gynamak we 2007-nji ýylda Almatydaky «Nurbankyň» iki menežerini öldürmek bilen ilteşikli diýdiler.

Esasy güman edilýän Alyýew fewral aýynda Wenadaky türmede asylan ýagdaýda tapyldy.

Gazagystany 2007-nji ýylda terk eden Alyýew Awstriýadaky gazak ilçisi wezipesinden boşadyldy we, guramaçylykly jenaýatda, döwlet agdarylyşygy synanyşygynda aýyplanyp, gaýybana 40 ýyl tussaglyga höküm edildi.

Ol özüne garşy bildirilen aýyplamalaryň syýasy sebäplidigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG