Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Kairde partlama boldy


Italiýanyň Müsüriň paýtagty Kairdäki konsullygynyň daş işiginde partlama boldy.

11-nji iýuldaky partlamada azyndan bir adam öldi, bäş adam, şol sanda iki sany polisiýa ofiseri ýaralandy diýip, resmiler aýtdylar.

Müsür häkimiýetleri bu partlamanyň sebäpleriniň derňelýändigini aýdýarlar.

Döwlet eýeçiligindäki «MENA» habar gullugynyň ady aýdylmaýan «howpsuzlyk resmisine» salgylanyp aýtmagyna görä, bu partlama ulag bombasynyň ýarylmagy sebäp bolupdyr.

Konsullygyň binasyna ýeten zyýanyň örän uludygy aýdylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG