Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Orsýet: Oppozision žurnalist ýenjildi


Oppozision Asia-Russia Today websaýtynyň baş redaktory näbelli hüjümçiler tarapyndan ençeme sapar urlup ýenjildi.

Ýewgeniý Hamaganowa garşy bu hüjüm 12-nji iýulda Burýatiýa respublikasynyň paýtagty Ulan-Udede amala aşyryldy.

Burýatiýanyň Demokratiýa we azatlyk boýunça milli hereketiniň agzasy Doržo Dugarowyň 13-nji iýulda aýtmagyna görä, Hamaganowyň boýny döwlüp, keselhana düşüpdir.

Dugarow hüjümiň syýasy sebäpler bilen baglydygyny we redaktora ençeme sapar haýbat atylandygyny aýtdy.

Oppozision “Ýabloko” partiýasynyň agzasy Hamaganow federal hökümeti we prezident Wladimir Putini tankyt ediji makalalary bilen tanalýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG