Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: "Strelkowa" garşy iş gozgaldy


Gündogar Ukrainada orsýetli separatistleriň öňki ýolbaşçysy Igor Girkin, şeýle-de "Strelkow" diýlip tanalýar, Nowosibirsk, 30-nji ýanwar, 2015.
Gündogar Ukrainada orsýetli separatistleriň öňki ýolbaşçysy Igor Girkin, şeýle-de "Strelkow" diýlip tanalýar, Nowosibirsk, 30-nji ýanwar, 2015.

Gündogar Ukrainada orsýetli separatistleriň öňki ýolbaşçysy Igor Girkin Malaýzianyň howa ýollarynyň MH17 uçarynyň urlup gaçyrylmagyna guramaçylyk etmekde aýyplanyp, oňa garşy ABŞ-da iş gozgaldy.

Çikagoda gozgalan işde, Girkiniň “Boeing 777” kysymly uçary oka tutmak tabşyrygyny berende Kremliň rugsadyny alandygy baradaky çaklama hem öňe sürüldi. Amsterdamdan Kuala Lumpura barýarka 2014-nji ýylyň 17-nji iýulynda oka tutulyp, ýere gaçyrylan uçarda 298 adam wepat boldy.

Gozgalan işde wepat bolan 18 ýolagçynyň maşgalalary üçin 900 million dollar möçberinde kompensasiýa soralýar.

ABŞ-nyň sudunda Girkine garşy iş gozgamak üçin ABŞ-nyň Zorlugyň pidalaryny goramak boýunça kanuny ulanan Aklawçy Floyd Wisner işiň “pul barada däl-de, Girkini jogapkärçilige çekmek we jogapkärlere garşy jenaýat işi boýunça Orsýetiň halkara tribunaly bilen hyzmatdaş bolmagy üçin basyş etmek” maksadyny öz öňünde goýýandygyny belledi.

XS
SM
MD
LG