Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainanyň bergisi boýunça öňyn özgeriş bar


Ukraina we onuň kreditorlary ýurduň bergisi dogrusyndaky gepleşiklerde “köp sanly we aýra-başga meseleler” boýunça öňegidişlikleriň gazanylandygyny aýdýarlar.

Ukrainanyň Maliýe ministrliginiň we kreditorlaryň 16-njy iýulda aýtmagyna görä, “Ukrainanyň bergisiniň şertlerini mümkin boldugyndan tiz jemlemek maksatly” indiki hepdede has köp duşuşyk geçirmek barada ylalaşylypdyr.

Bu beýannama Ukrainanyň maliýe ministri Natalýa Ýereskonyň Waşingtonda kreditorlar bilen gepleşik geçirmeginiň yzýany edildi. Ukrainanyň bergi borçnamalaryny saklaýjy esasan amerikan fondlaryna ýuduň bergisiniň uly bölegini geçmek üçin basyş edilýär.

Halkara Maliýe Fondy mart aýynda Ukraina üçin 17.5 million dollarlyk kömek programmasyny kabul etdi. Emma maliýe ýardam berijiler Ukrainanyň bergisini geçmegiň ýerine onuň töleg möhletini uzaltmaklyga ýykgyn edýärler.

XS
SM
MD
LG