Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kaşmir: Ok atyşykda bäş adam wepat boldy


Hindistanyň we Pakistanyň arasynda dawaly Kaşmir regionynda bolan ok atyşykda bäş parahat ýaşaýjynyň wepat bolandygy habar berildi.

Pakistan Hindistany Sialkot regionynda serhet hökmünde seredilýän ýerde ot açmakda aýyplady. Bu ýerde dört ýaşaýjynyň öldürilendigi we bäş adamyň ýaralanandygy habar berildi.

Hindistan bolsa Pakistanyň esgerleriniň Pargwal giňişliginde ok atmagynyň netijesinde bir zenanyň öldürlendigini we üç adamyň ýaralanandygyny aýdýar.

Şeýle-de Pakistanyň harbylary Kaşmirde Hindistanyň sürüjisiz uçaryny urup ýere gaçyrandygyny mälim etdiler.

Hindistan we Pakistan dawaly serhetde ýüze çykýan ok atyşyklarda bir-birini aýyplap gelýärler.

XS
SM
MD
LG