Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

MH17 uçaryň pidalary ýatlandy


Malaýzianyň MH17 uçarynda wepat bolan awstraliýaly pidalaryň garyndaşlary, Kanberra, 17-nji iýul, 2015.
Malaýzianyň MH17 uçarynda wepat bolan awstraliýaly pidalaryň garyndaşlary, Kanberra, 17-nji iýul, 2015.

Awstraliýa geçen ýylda Ukrainada heläkçilige uçran MH17 uçaryň betbagtçylygynyň birinji ýyl dönümini belledi. Uçarda 298 adam wepat boldy, olaryň arasynda Awstraliýanyň 38 raýaty bardy.

17-nji iýulda premýer-ministr Tony Abbot awstraliýaly pidalaryň atlary ýazylan ýadygärligi parlament jaýynyň bagynda açdy.

Malaýzianyň howa ýollarynyň “Boeing 777” kysymly uçary Amsterdamdan Kuala Lumpura barýarka 2014-nji ýylyň 17-nji iýulynda Ukrainanyň gündogar Donetsk regionynda heläkçilige uçrady.

Gollandiýanyň ýolbaşçylygynda derňew geçirýänler uçaryň orsýetçi gozgalaňçylaryň atan orsýet raketalary tarapyndan oka tutulandygyny görkezýän subutnamalaryň bardygyny aýdýarlar. Orsýet we separatistler munuň jogapkärçiliginden boýun gaçyrýarlar.

Uçarda heläk bolanlaryň hatyrasyna matam çäreleri 17-nji iýulda Ukrainada we Gollandiýada hem geçirildi.

XS
SM
MD
LG