Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý: aklawçy "toba edýär"


Hytaýyň döwlet mediasy, Pekiniň kanun aktiwistleriniň garşysyna geçirýän köpçülikleýin basyp ýatyryş çäreleriniň arasynda, tussag edilen hukuk aklawçysynyň öz günäsini boýun alandygyny aýdýar.

Jo Şifeň şu aýda hytaý howpsuzlyk resmileri tarapyndan tussag edilen ýa soraga çagyrylan 130-dan gowrak ýuristiň diňe biri diýip, hukuk toparlary ýazýar.

«Sinhua» habar gullugy Jo Şifeňiň - öz aklawçysy bilen duşuşyp bilmedik tussagyň – 18-nji iýulda «günäsini boýun alandygyny» we özüne ýene bir mümkinçilik berilmegini sorandygyny habar berdi.

Jo şu ýyl çagalary gury süýtden zäherlenen maşgalalara kanun kömegini beripdi, Kommunistik partiýany tankytlandygy üçin tutulan 81 ýaşyndaky ýazyjynyň goragynda çykyş edipdi.

Hukuk toparlary Hytaýdaky «boýun alyş tobalarynyň» fiziki sütem ýa-da gynag astynda alynýandygyny aýdýarlar.

«Amnesty International» guramasy Hytaýda 9-njy iýuldan bäri 200-den gowrak kanun aktiwistiniň nyşana alnandygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG