Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Daglyk-Badahşanda suw joşguly döredi


Täjigistanyň Daglyk-Badahşan regiony

Täjigistanyň Daglyk-Badahşan regionynda soňky günlerde ýagan ýagyşlaryň netijesinde dörän suw joşguny we topragyň süýşmegi zerarly 60 çemesi jaý, sowda we medeni bina ýumruldy, şeýle-de, elektrik liniýalara we suwaryş sistemalara zeper ýetdi.

19-njy iýulda toprak süýşüp, Gund derýasynyň akymyny böwetledi we golaýdaky obanyň käbir böleklerini ýumurdy. Iki elektrik stansiýasynyň işi togtadyldy.

Daglyk-Badahşan regionynyň häkimi Rahmonkul Rahmonkulow jaýlaryna zeper ýeten ýaşaýjylaryň howpsuz ýere göçürilendigini we wagtlaýyn ýerde galýandygyny 20-nji iýulda aýtdy.

Şeýle-de, täjik resmisi tebigy betbagtçylygyň üç million dollar möçberde zyýan ýetirendigini habar berdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG