Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerri: Sanksiýalar alty aýdan aýrylyp başlanar


ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri, Waşington, 20-nji iýul, 2015.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri, Waşington, 20-nji iýul, 2015.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri Günbataryň Eýran babatyndaky sanksiýalarynyň alty aýdan aradan aýyrylyp başlanmalydygyny aýtdy. Kerri bu barada “Amerikanyň sesi” radiosy bilen ýörite söhbetdeşliginde aýtdy.

“Eýranyň etmeli takyk işleri bar, Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň etmeli işleri bar we sanksiýalaryň gowşadylyp başlanmagyndan ozal bu zatlar çözülmeli - olaryň ählisi”, diýip Kerri 20-nji iýulda “Amerikanyň sesi” radiosynyň Pars gullugyna aýtdy.

Sanksiýalaryň ýatyrylmagyndan ozal Eýranyň daşynda hem ençeme mesele çözülmeli. Hususan-da, ABŞ-nyň Kongressi 60 günüň dowamynda ylalaşyk boýunça ses bermeli.

Ylalaşygyň tassyklanmadyk ýagdaýynda bu weto gadagançylygynyň daşynda prezident Barak Obama bilen uzaga çekip biljek çekeleşikleri tutaşdyryp biler.

XS
SM
MD
LG