Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Duşenbe $100 million soraýar


Täjigistan 21-nji iýulda diplomatiki missiýalara we halkara guramalaryna golaýda gelen siliň we ýer süýşmeleriniň ýetiren zyýanyny düzetmek üçin 100 million dollar kömek haýyşy bilen ýüzlendi.

Premýer-ministr Kohir Rasulzada bir gün ozal tebigy hadysa zerarly çekilen zyýanyň möçberiniň 50 million dollar çemesidigini aýdypdy.

Täjigistanyň Daşary işler ministrligi 21-nji iýulda soňky 10 gündäki sil zerarly azyndan 7 adamyň ölendigini, 5 adamyň bolsa tapylmaýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG