Gyrgyzystan ABŞ-nyň halkara ösüş boýunça agentliginiň (USAID) ýurtdaky artykmaçlyk statusyny ýitirjekdigini aýtdy.
Şu hepdede Bişkek ABŞ bilen hyzmatdaşlyk barada 1993-nji ýylyň ylalaşygyny ýatyryp, ABŞ-nyň tussaglykdaky gyrgyz aktiwistine adam hukuklary boýunça abraýly baýragy bermek kararyna protest bildirdi.
Gyrgyzystanyň daşary işler ministriniň orunbasary Emil Kaikiýewiň 22-nji iýulda aýtmagyna görä, USAID salgyt we gümrük ýeňilliklerinden mahrum bolar, proýekte gatnaşýan amerikan raýatlary bolsa diplomatlaryňky ýaly eldegirmezlik statusyndan mundan beýläk peýdalanyp bilmezler.
17-nji iýulda Gyrgyzystanyň Daşary işler ministriligi Waşingtonyň tussaglykdaky Azimjon Askarowa Adam hukuklary boýunça 2014-nji ýylyň baýaragyny gowşurmak kararyna protest bildirdi.
Askarow “raýat parahatçylygyna we durnuklylygyna hem jemgyýete” howp salmakda aýyplanyp Bişkegiň türmesinde tussaglykda saklanýar.
Etnik özbek Askarow 2010-njy ýylyň iýun aýynda bolan 400-den gowrak adamyň ölümine getiren gandöküşligiň yzýany sud edilipdi.