Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nawalnynyň partiýasy saýlawa goýberilmedi


Rus häkimiýetleri oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnynyň egindeş başlyklyk edýän koalisiýasynyň regional saýlawlara gatnaşmagyny gadagan etdi diýip, partiýanyň saýty 24-nji iýulda habar berdi.

Sibiriň Nowosibirsk şäherindäki saýlaw komissiýasy RPR-Parnas ýaranlygynyň regional saýlawlara gatnaşmak üçin hasaba alynmagyna rugsat bermedi diýip, beýanatda aýdylýar.

Iki sany oppozision partiýadan ybarat koalisiýa syýasatçy we aklawçy Alekseý Nawalnyý hem-de ozalky premýer-ministr Mihail Kasýanow ýolbaşçylyk edýär.

Saýlaw komissiýasy bu partiýanyň goldawçylaryndan ýygnalan goluň talap edilýän möçbere ýetip bilmändigini aýtdy, emma koalisiýa bu gadaganlygyň syýasy sebäpler esasynda, oppozisiýanyň saýlawa gatnaşmagyndan gorkulyp girizilendigini öňe sürýär.

XS
SM
MD
LG