Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysmaýylowa sudda bigünädigini aýdýar


Azerbaýjanyň derňewçi žurnalisti Hatyja Ysmaýylowa Bakuwda bolan sud diňlenişiginiň birinji gününde özüne garşy bildirilen ogurlyk, salgytdan gaçmak, wezipeden bikanun peýdalanmak aýyplamalarynyň syýasy sebäpleriniň bardygyny aýtdy.

Azerbaýjandaky korrupsiýa barada giňişleýin makalalary ýazan Ysmaýylowa Azatlyk radiosy bilen hyzmatdaşlyk edýärdi. Ol 24-nji iýulda bolan sud diňlenişiginde "[ Azerbaýjanyň prezidenti] Ylham Alyýew meni şahsy duşmançylyk sebäpli tussag etdi, ol meniň žurnalistlik işimi bökdejek bolýar» diýdi.

Onuň aklawçysy diňlenişik mahalynda bu işiň ýatyrylmagyny, deslapky tussaghanada saklanmagyň öý tussaglygy bilen çalşyrylmagy, käbir şaýatlaryň atlarynyň sanawdan aýrylmagy barada talap bildirdi. Emma ol talaplaryň hiç biri ýerine ýetirilmedi.

Polisiýa onlarça žurnalistiň, aktiwistleriň we käbir diplomatiki missiýalaryň agzalarynyň sud zalyna gelmeginiň öňüni baglady.

XS
SM
MD
LG