Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe: iki esger öldürildi


Ýurduň günorta-gündogarynda guralan bomba hüjüminde iki türk esgeri öldürildi, dördüsi bolsa ýaralandy.

Diýarbekir welaýatynyň gubernatorynyň edarasy 26-njy iýulda ulag bombasynyň Laýs etrabynda, 25-nji iýul agşamy goşunlar ýoldan barýarka ýarylandygyny aýtdy.
Beýanatda bu hüjümiň «terrorçylar» tarapyndan amala aşyrylandygy aýdylýar we adatça olar bu sözi aýdanlarynda kürt pitneçilerini nazarda tutýarlar.

Bu partlama bikanun diýlip yglan edilen Kürdüstan işçiler partiýasy, Türkiýe PKK-niň demirgazyk Yrakdaky pozisiýalaryna howa zarbasyny uranyndan soňra, Ankara bilen ýaraşyga eýermejekdigini aýdanyndan soň boldy.

XS
SM
MD
LG