Türkiýe bilen Bilen Birleşen Ştatlar Siriýanyň türk serhediniň boýundaky territoriýasyny «Yslam döwleti» toparynyň jeňçilerinden arassalap, bosgunlar üçin howpsuz zona döretmek ylalaşygyna geldiler.
Şeýle-de bu çäre «Yslam döwleti» toparynyň esasy nöker çekýän we üpjünçilik alýan ýoluny keser.
Türkiýe geçen hepde «Yslam döwleti» toparyna hem kürt jeňçilerine garşy serhetaşa zarba urmaga başlady.
Obama adminstrasiýasynyň resmileri 27-nji iýulda ABŞ-nyň Türkiýe bilen häzir «Yslam döwleti» toparynyň kontrolunda galýan 68 millik territoriýany jeňçilerden arassalamak barada maslahatlaşandygyny aýtdylar.
Bu çäreden maksadyň Siriýadan gaçýan bosgunlar üçin howpsuz zona döretmekden ybaratdygy aýdylýar.