Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan BSG-ä goşuldy


Gazagystan resmi taýdan Bütindünýä Söwda guramasyna goşuldy.

Söwda guramasynyň baş geňeşi nebite baý Gazagystanyň agzalygyny, tas 20 ýyla çeken gepleşiklerden soň, 27-nji iýulda tassyk etdi.

Bütindünýä Söwda guramasynyň Ženewadaky edarasynda geçirilen resmi kabul ediş çäresine gazak prezidenti Nursoltan Nazarbaýew hem gatnaşdy.

Gazagystan import harytlarynyň bahasyny aşaklatmaga we daşary ýurt maýasyny çekmek üçin goşmaça çäreleri görmäge razylyk berdi.

XS
SM
MD
LG