Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ak tam Snowdeniň günäsini geçmez


Ak tam Birleşen Ştatlaryň Edward Snowdeniň, gaçgaklykdaky hökümet kontraktçysynyň günäsini geçmegine çagyrýan petisiýany ret etdi, onuň gizlin gözegçilik baradaky paş etmeleri halkara gahar-gazabyny döretdi we esasy ýaranlar bilen aragatnaşyga zyýan ýetirdi.

Prezident Barak Obamanyň içeri howpsuzlyk geňeşçisi Liza Monako 28-nji iýulda, 168 müň goldawçynyň adyndan ýazylan petisiýa jogap berip, Snowden sud öňünde jogap bermeli diýdi.

"Ol ýurduna, Birleşen Ştatlara gelip, sud öňünde jogap bermeli, awtoritar režimiň penasynda gizlenmeli däl» diýip, ol aýtdy.

Şeýle-de ol Snowdeniň indi öz eden işiniň netijelerinden gaçyp gutulmaga synanýandygyny öňe sürdi.

Snowden ABŞ-nyň Milli howpsuzlyk agentliginiň internete we telefon ýazgylaryna, daşary ýurt ýaranlaryna gözegçilik edişi baradaky dokumentleriň üstüni açanyndan soň, 2013-nji ýylda Orsýetden gaçybatalga sorapdy.

Snowdeniň aklawçysy Ak tamyň günä geçmeden boýun gaçyrmagynyň «syýasy» sebäplidigini, «kanun» sebäpli däldigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG