Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bişkek açyk Fitnes zalyny açdy


Bişkek häkimiýetleri, sagdyn durmuş ýörelgelerine hyjuwlandyrmak üçin, şäher parkynda açyk gimnastika zalyny açdy.

Täze zalyň 28-nji iýulda guralan açyş dabarasyna Bişkegiň häkimi Kuwançbek Kulmatow hem gatnaşdy.

Ol gelýän on gün içinde paýtagtda ýene iki sany açyk gimnastika zalynyň açyljagyny, olaryň ähli fitnes enjamlary bilen abzallaşdyryljagyny aýtdy.

Togolok Moldo skwerindäki dabara Bişkegiň onlarça ýaşaýjysy gatnaşdy we täze oturdylan sport enjamlarynda maşk etdi.

XS
SM
MD
LG