Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Halkara Maliýe Fondy Ukrainany öwdi


Halkara Maliýe Fondunyň dolandyryjy müdiri Kristine Lagarde (Christine Lagarde)
Halkara Maliýe Fondunyň dolandyryjy müdiri Kristine Lagarde (Christine Lagarde)

Halkara Maliýe Fondunyň dolandyryjy müdiri Kristine Lagarde 29-njy iýulda Ukrainanyň hökümetini öňden bäri zerur bolan reformalary agressiw geçirýändigi üçin taryplady.

Lagarde soňky 20 ýylyň dowamyndaky aýylganç tejribelerden soň häzirki hökümetiň maliýe reformalary amala aşyrýandygyny we korrupsiýa garşy göreşýändigini belledi.

Ukrainanyň häkimiýetleri “syýasy taýdan örän oýlanyşyklydygyny görkezýär”, diýip Lagarde belledi we onuň “ähli ugurlardan” meseleleri çözýändigini aýdy.

Ukraina şu ýylyň noýabr aýynda 1 milliard dollar möçberinde karz almagynyň mümkindigini yglan etdi.

Bu bolsa ýurda şu ýylyň aýagyna çenli beriljek 3.2 milliard dollar möçberinde halkara ýardamynyň bir bölegi bolup biler. Dünýä Bankyndan 1 milliard dollar we Ýewropa Komissiýasyndan 600 million ýewro möçberindäki pul kömegi hem bu sana girýär.

XS
SM
MD
LG