Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina $1.7 milliard karz berilýär

U.S. -- International Monetary Fund (IMF) Managing Director Christine Lagarde answering questions during a virtual press conference in the IMF studio at the IMF Headquarters In Washington, DC., USA, 29 July 2015.

Halkara pul fondy Ukraina, ýurduň bergileri we Orsýet tarapyndan goldanylýan separatistler bilen konflikti bilen bagly nämälimliklere garamazdan, ikinji tapgyr karz bermegi tassyk etdi.

Halkara pul fondunyň ýerine ýetiriji geňeşi 31-nji iýulda Ukraina derrew 1.7 milliard dollar karz pul berjegini aýtdy.

Bu Ukraina geçirmäge başlan ykdysady reformalary üçin mart aýynda berilmeli edilen 17.5 milliard dollaryň bir bölegidir.

Halkara pul fondunyň dolandyryjy direktorynyň birinji orunbasary Deýwid Lipton ukrain häkimiýetleriniň bergi, korrupsiýa, netijesiz dolandyryş ýaly meseleleri bir wagtda çözmäge gönükdirilen güýçli reforma programmasyna başlandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG