Gazak sudy ýerli ýaşaýjyny sosial ulgamlar arkaly «etniki ýigrenje meçew bermekde» aýyplap, üç ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.
Demirgazyk Gazagystan regionynyň baş prokurorynyň orunbasary Araý Alimow 31-nji iýulda 22 ýaşyndaky Alhanaşwiliniň «Wkontakte» sosial ulgamynda çap eden zatlarynda «etniki toparlaryň duýgularyny we mertebelerini kemsidendigini» aýtdy.
Ol şundan başga zat aýtmady. Gazagystanda, esli rus azlygynyň ýaşaýan ýurdunda, Orsýet geçen ýyl Krymy anneksiýa edeli bäri, «internetdäki etniki ýigrenç» bilen bagly jenaýat işleri adaty zada öwrüldi.
Bu ýerde iýul aýynyň başynda günbatar Gazagystandan hem bir adam şeýle jenaýatda günäli tapyldy.
Mart aýynda bolsa bir rus zenanyna şertli tussaglyk berildi, ol gazaklar barada kemsidiji zatlary aýtmakda we ýurduň Orsýetiň bir bölegine öwrülmegine çagyrmakda günäli tapyldy.