Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Snoop Dogg $244 müň bilen tutuldy


Amerikan rap ýyldyzy Snup Dog (Snoop Dogg) aýdylmagyna görä, günorta Italiýada maliýe polisiýasy tarapyndan saklanyldy.

Onuň ýanyndan Ýewropa Bileleşiginiň çäginden jarnamasyz geçirip bolýan möçberden kän pul, 422 müň dollar çykypdyr.

Italiýanyň ANSA habar gullugy ol puluň ýarysynyň Kalabriada, Lamezia Terme aeroportunda, pul ýuwmaga garşy kanun esasynda konfiskasiýa edilendigini habar berdi.

Ýewropa Bileleşiginiň çäginde syýahat edýän adamlar, ýanlarynda 10 müň dollardan kän pul bolsa, serhetden geçenlerinde jarnama doldurmaly.

Snup Dog Kalabriada 30-njy iýulda çykyş etdi we 1-nji awgustda Türkiýede konsert bermegi planlaşdyrýardy.

Ol biraz öň Şwesiýada, neşe ulanmakda güman edilip saklanypdy.

XS
SM
MD
LG