Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tatarlaryň kongresi Kremli ýazgarýar


Krym tatarlarynyň Bütindünýä kongresi 1-nji awgustda, Ankara şäherindäki açylyşynda Orsýetiň 2014-nji ýylda Ukrainanyň Krym regionyny anneksiýa etmegini ýazgardy.

"Dünýäde parahatçylygy we Krym halkynyň asudalygyny gazanmagyň ilkinji şerti biziň dogduk mekanymyzyň okupasiýasynyň soňlanmagy» diýip, Krym tatarlarynyň Mejlisiniň başlygy Refat Çubarow aýtdy.

Ukrainanyň daşary işler ministri Pawlo Kimkin Krymyň 2014-nji ýylyň martynda anneksiýa edilmegi «wagtlaýyn zat, sebäbi ol bikanun» diýdi.

Kimkin bu kongrese krym tatarlary bilen raýdaşlygyny görkezmek üçin gatnaşýardy. Ol Ukraina Orsýet bilen Krym yzyna berilýänçä kadaly gatnaşykda bolmaz diýdi.

Krymda 300 müň töweregi tatar ýaşaýar we olar bu sebitiň 2 million ilatynyň 15 prosent çemesini düzýär.

Bütindünýä tatarlarynyň türk paýtagtyndaky iki günlük kongresine dürli ýurtlarda ýaşaýan 200 çemesi tatar gatnaşýar.

XS
SM
MD
LG