Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ýanukowiç suda çagyrylýar


Ukraina gaçgaklykdaky ozalky prezidenti, Wiktor Ýanukowiçi korrupsiýa derňewi esasynda sud soragyna çagyrdy.

Ukrainanyň döwlet eýeçiligindäki «Urýadowiý kurýer» gazetinde 6-njy awgustda çap edilen dokumentde aýdylmagyna görä, Ýanukowiç 11-nji awgustda Kiýewe, Baş prokuraturanyň edarasyna gelip, Jenaýat kodeksiniň 191-nji maddasy esasynda, eden jenaýatlary baradaky soraglara jogap bermeli.

Ol uly möçberdäki galplykda, jemgyýetçilik emlägini nädogry ulanmakda aýyplanýar.

Ukrainanyň baş prokurory Wiktor Şohin 28-nji iýulda Ýanukowiçi gaýybana sud etmek prosesiniň başlanandygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG