Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: "YD" 230 adamy ogurlady


Siriýanyň Homs regiony
Siriýanyň Homs regiony

“Yslam döwleti” söweşjeň topary Siriýanyň Homs merkezi welaýatyny ele salmagynyň yzýany 230 ýaşaýjyny, şol sanda hristianlary ogurlady.

Londonda ýerleşýän Siriýanyň adam hukuklary boýunça synçy topary Al-Karyatain şäheriniň söweşjeň topar tarapyndan 5-nji awgustda, raýatlaryň bolsa 6-njy awgustda ele salnandygyny habar berdi.

Hristianlaryň ençemesi Siriýanyň demirgazygyndaky Allepo şäherinden gaçyp, Al-Karyatain şäherinde özlerine pena tapypdy.

Uruşdan öň şäheriň 18000 ilaty, şol sanda sünni musulmanlar we 2000 çemesi katolik hem prawoslaw hristian ýaşaýjylary bardy. Emma şäheriň hristian ilatynyň sany ýüzlerçe adama çenli azaldy.

XS
SM
MD
LG