Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putiniň 'peşeň' portreti döredildi


Ukrain hudožnigi 5 müň sany boş peşeňi ulanyp, Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň özboluşly bir portretini döretdi, bu iş «Urşuň ýüzi» diýlip atlandyrylýar.

33 ýaşyndaky Darýa Marçenkonyň iki metr gowrak belentlikdäki işinde Putin gara penjekli, gyzyl galstukly görnüşde şekillendirilip, onuň ýaşaýyş jaýyndaky ussahanasynyň törüni doldurýar.

"Başda onuň bilen bir otagda ýatmak biraz gorkunç boldy, emma men soň öwrenişdim» diýip, Marçenko aýdýar.

Esasan Kalaşnikow awtomatyndan atylan peşeňler Donetsk aeportynyň ýanyndan, gündogar Ukrainadan we Donetsk sebitindäki beýleki söweş meýdanlaryndan, meýletinçiler tarapyndan toplanypdyr.

XS
SM
MD
LG