Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Waşington Postyň” habarçysy sud edilýär


Žurnalist Jason Rezaian
Žurnalist Jason Rezaian

Içalyçylykda aýyplanýan “Waşington Post” neşriniň žurnalisti öz işi boýunça dördünji diňlenişik üçin Tähranyň suduna eltildi.

Eýranyň resmi IRNA habar agentligi ABŞ-nyň we Eýranyň raýaty bolan Jason Rezaianyň işine Rewolýusion suduň garaýandygyny aýtdy.

Bu diňlenişigiň suduň karar çykarmagy üçin iň soňkusy bolmagyna garaşylýar.

Bir ýyldan gowrak wagt bäri tussaglykda saklanýan Rezaian içalyçylykda we Eýran Yslam Respublikasyna garşy propagandany alyp barmakda aýyplanýar. Onuň 10 we 20 ýyl aralygynda türme tussaglygyna höküm edilmegi ähtimal.

XS
SM
MD
LG