Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Marynyň ýarmarka bazary söküldi


Marynyň iň uly ýarmarka bazary dolulygyna diýen ýaly söküldi, indi ol ýerde öňki gyzgalaňly söwda we içi alyjylardan doly dükanlary görmek mümkin däl. Bazaryň daşyndaky iki gatly sökülmeli binalar diýäýmeseň, bu ýerde bir wagtlar bazaryň bolandygyny görkezýän hiç hili alamat galmady.

Häzirki wagtda onuň içinde birki sany ýük maşyny we içinde gurluşyk materiallaryny saýhallap ýören adamlardan başga hiç kim ýok. Öňki duran söwda saýawanlarynyň, pawilionlaryň, kiçeňräk söwda nokatlarynyň duran ýerleriniň üstünden traktor sürlüp, tep-tekiz edilipdir.

Häzir ýarmarka bazarynda diňe gurluşyk materiallaryny we awtomobil ätiýaç şaýlaryny satýan söwdagärler galdy. Bu harytlary satýan söwdagärleriň aýtmagyna görä, olaryň häzire çenli saklanyp galmagynyň sebäbi, olaryň söwda nokatlarynyň bazaryň merkezinden çetde ýerleşmegi bilen bagly.

Söwdagärleriň ykbaly

Emma häzirlikçe olaryň söwda ýerleri saklanyp galanam bolsa, söwdagärler söwdanyň indi öňküler ýaly ugrunyň ýokdugyny aýdýarlar. Olaryň haçan göçüriljegi häzirlikçe belli däl, täze gurlan bazarda bu söwda bilen meşgullanýan adamlar üçin ýer göz öňünde tutulmansoň, olar göçmeli edilse, nirä göçjegi hem anyk däl.

Onsoň özüni Mekan diýip tanadan 40 ýaşlaryndaky söwdagär ertirki günüň nähili boljagyny bilmeýänligi sebäpli aladasynyň ýetikdigini aýdýar. “Beýleki dükanlar ýykyldy, bizem bärde goýmazlar, çykararlar” diýip ätiýaç şaýlaryny satýan 40 ýaşlaryndaky Mekan Azatlyk Radiosyna beren gürrüňinde aýdýar.

Bu bazar Mary şäherinden 15 kilometr uzaklykda täze şäher bazarynyň gurulmagy sebäpli sökülýär. Häkimiýetler halk köpçüligine bu ikisiniň arasynda haýsydyr bir ilteşigiň bardygy dogruda anyk maglumat bermeseler-de, söwdagärler tapgyrlaýyn amala aşyrylýan bu çäreleriň arasynda özara baglanyşygyň bardygyny aýdýarlar.

Kompensasiýa

Söwdagär Mekan täze bazaryň gurulmagy bilen şu ýylyň başlarynda ilki mal bazarynyň, soňra-da maşyn we beýleki harytlary satýan söwdagärleriň bu taýdan göçürilendigini Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Söwdagärleriň aýtmaklaryna görä, göçürilen söwdagärlere çeken zyýany üçin hiç hili kompensasiýa tölenmändir. Olaryň aglabasy göçürilen ýerlerinde söwda nokatlaryny arendasyna almaly bolupdyrlar. Göçmäge garşy çykanlaryň bolsa sözi asla diňlenmändir.

Täze bazardan ýer alan adamlar diňe arendasynyň ýokarylygyndan däl, täze bazaryň Mary şäherinden uzakda ýerleşýänligi sebäpli, müşderileriň azlygyndan hem şikaýat edýärler. Bazaryň şäherden uzakda ýerleşýändigine garamazdan, ol ýere awtobuslaryň kadaly gatnawy hem göz öňünde tutulmandyr.

Täze bazar bölek-bölek binalardan ybarat bolup, bazaryň içi giň we ol durşy bilen dükanlardan ybarat. Alyjylar isleýän önümleriniň hemmesini bir nokatdan alyp bilmeýärler, olar munuň üçin dükandan dükana aýlanyp ýörmeli bolýarlar.

Türkmen halysynyň gölüniň görnüşine meňzeş edilip gurlan Mary bazarynyň bu proýekti ýurduň beýleki welaýatlarynda-da ulanyldy. Marynyň täze bazary mary-aşgabat ýolunyň ugrunda ýerleşýär.

XS
SM
MD
LG