Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermenistan: Rus esgerine 10 ýyl berildi


Orsýetiň Ermenistandaky 5-nji garnizonynyň harby tribunaly ermeni maşgalasynyň 7 agzasyny öldürmekde aýyplanan esgere, ýeňilräk jenaýatlary boýun alanyndan soň, 10 ýyl türme tussaglygyny berdi.

19 ýaşyndaky esger Waleriý Permýakow 12-nji awgustda ýaragly dezertirlik, ok-ýarag ogurlamak, bikanun ýarag götermek aýyplamalaryny boýun aldy.

Suduň soňunda ol, ýanwar aýynda Gýumride Awetisýan maşgalasynyň ýedi agzasyny öldürmekde bilidirilýän aýyplama esasynda, ermeni resmilerine berilmeli.

Permýakow harby tribunala özüniň goşunda gulluk etmekden irip, öýlerine gitmäge pul ogurlamak üçin, ermeni maşgalasynyň jaýyna girendigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG