Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Phenýan mina partlamasyndan boýun gaçyrýar


Günorta we Demirgazyk Koreýalaryň arasyndaky serhet
Günorta we Demirgazyk Koreýalaryň arasyndaky serhet

Demirgazyk Korea geçen hepdede iki sany günorta koreýaly esgere şikes ýetiren minalary özniň goýandygyny ret etdi.

14-nji awgustda Demirgazyk Koreanyň täsirli Milli goranyş komissiýasy şeýle ýaragy öz goranyşy üçin ulanýandygy sebäpli günorta serhedindäki minalary hem özüniň goýan bolmagyna “aňlatmaýandygyny” aýtdy.

Seulyň derňewçileri we BMG-niň ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky topary esgerleriň gözegçiligi amala aşyran wagtynda partlan minalary ýerleşdirmekde Phenýany aýypladylar. Partlamada esgerleriň biri bir aýagyny, beýlekisi iki aýagyny ýitidi.

Bu hadysa Seulyň 11 ýylyň dowamynda ilkinji gezek serhediň daşynda propaganda gepleşiklerine gaýtadan başlamagyna itergi berdi.

XS
SM
MD
LG