Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow metbugaty tankytlady


Türkmen metbugatynyň maglumatyna görä, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen metbugatynyň sahypalarynda köp sanly gödek ýalňyşlyklara ýol berilýändigini aýdýar.

Ol anna güni geçiren hökümet maslahatynda türkmen metbugatynda häzirki döwrüň möhüm meselelerini gozgaýan makalalaryň çap edilmeýändigini, ýurtda geçirilýän reformalaryň ýaramaz beýan edilýändigini aýtdy.

Ol bu ýagdaýlar bilen baglylykda, «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetiniň baş redaktory B.Amansaryýewi «işde goýberen kemçilikleri üçin» wezipesinden boşadýandygyny we beýleki degişli ýolbaşçylaryň birnäçesine käýinç berýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG