Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Indonezia: Uçarda heläk bolanlar tapyldy


16-njy awgustda Indoneziýanyň gündogarynda ýere gaçan uçar "doly ýumrulypdyr" we onuň içinde heläk bolan 54 adamyň ählisiniň jesetleri heläkçiligiň bolan ýerinde tapylypdyr.

Trigana Air uçary gysga wagtlyk uçuşynyň dowamynda ýaramaz howa şertleri zerarly Papua regionynda tokaýlyk we daglyk ýerde heläkçilige uçrap, diri galanlary tapmaga mümkinçilik bolmady, diýip halas edijileriň ýolbaşçysy Bambang Soelistyo aýtdy.

Heläkçilige uçran uçarda jemi 54 adam, 49 sany ýolagçy we bäş ekipaž agzasy bardy.

Transport ministri J. A. Barata heläk bolanlaryň ählisiniň, şol sanda bir çaganyň jesediniň tapylandygyny aýtdy.

Bu uçarda garyp maşgalalar we sosial guramalar üçin niýetlenip, alnyp barylan 470 müň amerikan dollarynyň ykbaly henize nämälim galýar.

XS
SM
MD
LG