Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Amerikan esgeri zuluma 'ukyp görkezmändi'


Robert Bales sudda, Waşington, 19-njy awgust, 2013
Robert Bales sudda, Waşington, 19-njy awgust, 2013

Owganystanda 16 adamy, şol sanda ýedi çagany öldürmekde günälenen amerikan esgeri zorlukly herekete ýykgyn etmeginiň alamatlaryny görkezdi, emma olaryň hiç biri onuň şeýle jenaýatçylyga ukyply bolandygyny aňlatmaýar, diýen netije harby derňew tarapyndan 18-nji awgustda mälim edildi.

Ömürlik türme tussaglygynda saklanýan goşun seržanty Robert Bales 2013-nji ýylyň awgust aýynda ýüze çykan gyrgynçylykdan bir aý öň harby düzgüni bozup, steroidleriň we alkogolyň täsiri astynda owganystanly ýük ulag sürüjisine hüjüm edipdi.

Emma onuň özüni alyp baryşyna degişli meselesiniň soň zuluma baş goşup biljegini aňlatmandygy, ABŞ-nyň Merkezi harby ýolbaşçylygynyň hasabatynda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG