Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Eýranyň ozalky prokurory aklandy


Eýranyň ozalky prokurory 2009-njy ýylda hökümete garşy protestçileriň üçüsini öldürmek barada bildirilen günäden aklanyldy.

Habarlarda aýdylmagyna görä, Saýd Mortozawi Eýranyň Sosial howpsuzlyk fondunyň başlygy bolan mahaly bikanun pul alandygy üçin türmede oturar we jerime tölär.

Ozalky prezident Mahmud Ahmedinejadyň ýarany bolan Mortazawi ISNA habar gullugyna entek suduň karary bilen resmi tanyşdyrylmandygyny aýdypdyr. Şol resmi tanyşdyrmadan soň oňa şikaýat etmek üçin 20 gün wagt berilýär.

2010-njy ýylda geçirilen parlament derňewi Mortazawini 2009-njy ýylda, dawaly prezident saýlawlaryndan soň guralan anti-hökümet protestlere gatnaşan üç adamy gynap öldürmekde jogapkär tapypdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG