Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin amerikan boksçysyna raýatlyk berdi


Amerikan boks çempiony Roý Jons körpe Orsýetiň prezidenti Wladimir Putinden rus raýatlygyny sorady we Putin 19-njy awgustda onuň islegini bitirdi.

Kremliň çap eden suratlarynda dürli agram kategoriýalarynda dört gezek dünýä çempiony bolan 46 ýaşly boksçynyň Krymda, harby-deňiz port şäheri bolan Sewastopolda Putin bilen çaý içişi görkezilýär.

Jons Kryma 23-nji awgustdaky boks tomaşasyna gatnaşmaga geldi. «Eger rus pasportym bolsa, maňa bu ýere gelip-gitmek aňsat bolar.

Sebäbi bu ýerde adamlar sporty söýýär, men bu ýeri gowy görýärin» diýip, ol Putine aýtdy.

Şeýle-de ol sportuň Birleşen Ştatlar bilen Orsýetiň arasynda "köpri gurmaga" kömek etjegine umyt bildirdi.

XS
SM
MD
LG