Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistan: YouTube, Facebook petikli


Täjigistanda internet hyzmatlaryny üpjün edýän prowaýderleriň ençemesi YouTube we Facebook sosial ulgamlarynyň elýeterliligini çäklendirdi.

Ýurduň internet ulanyjylarynyň 25-nji awgustda aýtmaklaryna görä, olar websaýtlara diňe proksi serwerleri arkaly girip bilýärler.

Täjigistanyň Internet hyzmatlaryny üpjün edijileriniň bileleşiginiň ýolbaşçysy Asomuddin Atoýewiň AÝ/AR-na aýtmagyna görä, käbir prowaýderler websaýtlaryň elýeterliligini Döwlet aragatnaşyk gullugynyň görkezmesi esasynda böwetläpdir.

Täjigistanyň döwlet aragatnaşyk gullugyndaky çeşme internet bilen üpjün edýän prowaýderlere websaýtlara elýeterliligi böwetlemek görkezmesiniň berlendigini tassyklady. Munuň sebäbi düşündirilmedi.

Täjik häkimiýetleri Google, YouTube, Facebook we beýleki meşhur sosial ulgamlary wagtal-wagtal petiklemekleri üçin köp wagt bäri ýazgarylýarlar. Adatça täjik häkimiýetleriniň bu çäklendirmeleri oppozision toparlaryň internetdäki aktiwligi ýa-da ýurtdaky syýasy-sosial wakalar bilen bagly bolýar.

XS
SM
MD
LG