Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysmaýylowanyň sudy yza süýşürildi


Derňewçi žurnalist Hatyja Ysmaýylowanyň sudy 31-nji awgusta çenli yza süýşürildi.

Sudýa 26-njy awgustda, Ysmaýylowanyň aklawçysy Fariz Namazli prokurorlaryň öz müşderisiniň bigünädigini görkezýän dokumentleri nazara almandygyny aýdyp, suduň täzeden geçirilmegini talap edeninden soň, diňlenişigi soňa goýýandygyny yglan etdi.

Geçen hepde döwlet garalawçysy suddan Ysmaýylowa 9 ýyl türme tussaglygyny bermegi sorapdy.

Hatyja Ysmaýylowa özüne bildirilýän aýyplaryň syýasy sebäplidigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG