Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

«Talyban» etrap merkezini eýeledi


Owganystanyň «Talyban» söweşijileri bir hepdä çeken agyr söweşlerden soň Helmand welaýatynyň Musagala etrabynyň adminstratiw merkezini ele geçirdiler.

«Talybanyň» 26-njy awgustdaky ilerlemesi NATO-nyň bu etraba – Owganystanyň neşe maddalarynyň esasy çeşmesine uran howa zarbalarynda 40 çemesi «talyban» söweşijisiniň öldürilmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Musagaladan gaçan ýerli resmiler «Talybanyň» ýüzlerçe söweşijisiniň howa zarbalaryndan soň gaýtadan jemlenip, 25-nji awgust güni giçlik gaýtadan hüjüme geçendiklerini aýtdylar.

«Talyban» soňky hepdelerde goňşulykdaky Nawzad we Bagran etraplaryny hem ele geçirdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG