Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý 12 adamy tussag etdi


Hytaý 12 adamy, şol sanda Tianjinde partlan ammaryň menejerlerini hem tussag etdi.

Hytaýyň «Sinhua» habarlar gullugy 27-nji awgustda polisiýanyň Tianjin port şäherinde 139 adamyň ölümine getiren weýrançylykly partlama bilen ilteşikli hasaplanýan adamlaryň tussag edilendigini habar berdi.

Tutulanlaryň arasynda Tianjiniň halkara «Ruýhaý Logistiks» kompaniýasynyň başlygy Ýu Hueweý, onuň orunbasary Doň Şeksuan, üç sany baş menejeriň orunbasary hem bar diýip, polisiýa aýdýar.

Bu habar Hytaýyň iş howpsuzlygyny düzgünleşdirýän edarasynyň başlygynyň işden boşadylmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG