Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

YD protestçilere çäre görýär


«Yslam döwleti» toparynyň jeňçileri Yragyň günbatar şäherinde, ekstremist toparyna görkezilýän jemgyýetçilik garşylygyny basyp ýatyrmak üçin, azyndan 70 adamy tussag etdi.

Bu çäre 29-njy awgustda Rutbah şäherinde jeňçilere garşy geçirilen seýrek köçe demonstrasiýasyndan soň görüldi. Anbar welaýatynyň Rutbah şäheri jeňçileriň kontrolynda ýerleşýär.

Tutulanlar bilen bilelikde, ýerli tire ýolbaşçylary, protestiň geçirilmegine ýol berendikleri üçin, köçedäki elektrik sütünlerine daňlyp goýuldy.

Ýüzlerçe adamyň gatnaşmagyndaky demonstrasiýa YD jeňçileri ýerli ýaşaýjy Munir al-Kobeýsi jezalandyryp öldürenlerinden soň guraldy. Kobeýsi, hamala, YD-nyň nökerini öldüripdir.

XS
SM
MD
LG