Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Razak wezipesinden çekilmejekdigini aýtdy


Malaýziýanyň premýer-ministri Najib Razak (çepde) we Malaýziýanyň şasy Abdul Halim Muadzam Şah. 31-nji awgust, 2015 ý.
Malaýziýanyň premýer-ministri Najib Razak (çepde) we Malaýziýanyň şasy Abdul Halim Muadzam Şah. 31-nji awgust, 2015 ý.

Malaýziýanyň premýer-ministri Najib Razak halky bitewilige çagyrdy. Razakyň bu çagyryşy paýtagt Kuala Lumpurda on müňlerçe demonstrant premýer-ministriň wezipesinden çekilmegi üçin talaplaryny güýçlendiren mahaly boldy.

Razak maliýe skandalynyň yzýany, onuň wezipesinden çekilmegi üçin edilen çagyryşlary ret edipdi. Gürrüňi edilýän maliýe skandalynda Razakyň öz şahsy bank hasabynda 700 million amerikan dollaryna golaý pul serişdesini saklaýandygy öňe sürülýär.

“Eger-de biz agzybir bolmasak... Onda biziň yhlas bilen guran ähli zatlarymyz ýok bolar” diýip, Razak 30-njy awgustda telewideniýede eden çykyşynda belledi.

Malaýziýada “Bersih” hereketiniň sary reňkdäki köýnegini geýen müňlerçe protestçi adalatly saýlawlaryň geçirilmegine we korrupsiýanyň soňuna ýetmäge çagyryş etdi.

XS
SM
MD
LG