Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

W.Kreýwen öldi


Golliwudyň gorky film režissýory Wes Kreýwen (Wes Craven) 30-njy awgustda Los Anjelesdäki öýünde 76 ýaşynda aradan çykdy. Ol ençeme wagt bäri beýnindäki rak sebäpli ejir çekýärdi.

Kreýwen esasanda, iki film bilen meşhurlyga eýe bolupdy. Olaryň biri 1984-nji ýylda “Elm köçesindäki garabasma” (Nightmare on Elm Street) we beýlekisi 1996-njy ýylda “Gygyryş” (Scream) ady bilen kinoteatlarda görkezilipdi.

Şeýle-de, Kreýwen öňümizdäki aýlarda çykjak “Suratlardaky gyz” (The Girl In The Photographs) atly filmiň hem ýerine ýetiriji prodýuseridi. Bu filmiň birinji görkezilişiniň şu ýylyň sentýabr aýynda “Toronto halkara film festiwalynda” görkezilmegi planlaşdyrylýardy.

XS
SM
MD
LG