Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Kanun taslamasy birinji diňlenişikden geçdi


Ukrain parlamentiniň öňünde protest geçirýän aktiwistler.
Ukrain parlamentiniň öňünde protest geçirýän aktiwistler.

Ukrainanyň parlamenti ýurduň konstitusiýasyna üýtgetmeleri girizmek barada ukrain prezidentiniň teklip eden kanun taslamasyny deslapky ýagdaýda kabul etdi. Bu kanun taslamasy kabul edilse, ol Russiýa tarapdar separatistlere ýurduň gündogar böleginde has köp awtonomiýa berer.

31-nji awgustda ukrain parlamentinde hasaba alnan 368 kanunçykaryjynyň 265 sanysy kanun taslamany goldap ses berdi.

Gürrüňi edilýän kanun taslamasy ok atyşygy bes etmek barada şu ýylyň fewral aýynda Minskde gol goýlan ylalaşyga laýyklykda ukrain prezidenti Petro Poroşenko tarapyndan hödürlenipdi.

Nobatdaky parlament ýygnagynda bu konstitusion üýtgetmäniň kabul edilmegi üçin azyndan 300 kanunçykaryjynyň ony goldap ses bermegi zerurdyr.

31-nji awgustda bu konstitusion üýtgetmä garşy çykyş edýän onlarça kanunçykaryjy gysga wagtlaýyn ukrain parlamentiniň tribunasyny böwetledi. Şol bir wagtyň özünde parlament binasynyň öňünde hem, ýüzlerçe aktiwist kanun taslamasyna garşy protest çäresini geçirdi.

XS
SM
MD
LG