Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiýew: Çaknyşykdaky ikinji harby öldi


Ukrain parlamentiniň öňünde ýurduň Milli gwardiýasyna we polisiýasyna granat oklan adam. 31-nji awgust, 2015 ý.
Ukrain parlamentiniň öňünde ýurduň Milli gwardiýasyna we polisiýasyna granat oklan adam. 31-nji awgust, 2015 ý.

Ukrain parlamentiniň öňünde bolan çaknyşyklaryň yzýany, Ukrainanyň Milli gwardiýasynyň ikinji agzasy aradan çykdy.

“Düýnki granat partlamasynda ýaralanan Dmtriý Slastikow öldi” diýip, 1-nji sentýabrda Ukrainanyň içeri işler ministri Arsen Awakow “Twitter” sosial ulgamyndaky sahypasynda ýazdy.

Ukrain premýer-ministri Arseniý Ýatsenýuk bu ýowuzlyklary amala aşyrmakda aşa-milletçileri aýyplady. 31-nji awgustda ukrain parlamentiniň öňünde bolan partlamanyň netijesinde başga-da 140-dan gowrak adam keselhana ýerleşdirildi.

Ýatsenýuk telewideniýede eden çykyşynda sag-ganat protestçileriň geçen ýyldan bäri gündogar Ukrainada hökümet güýçleri bilen raýat urşuny alyp barýan Russiýa tarapdar separatistlerden “has ýaramazdygyny” aýtdy.

XS
SM
MD
LG